Hytaýda 5G abonentleriniň sany 100 milliondan geçdi

26.10.2020

Köp ýurt henizem 5G tehnologiýasynyň üstünde işläp başlamasa-da, Hytaýda 100 milliondan gowrak adam bu täze tehnologiýany ulanyp başlady. Bu san ýurduň ykjam aragatnaşyk abonentleriniň 10 göterimine gabat gelýär. 

«Ericsson» firmasynyň beýanyna görä, 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäde 190 million adam 5G tehnologiýasyny ulanar we bu sanyň ýarysyndan gowragy Hytaýda ýaşaýan adamlar bolar. Bu bolsa, Hytaýyň şu ugurdaky ägirt uly kuwwatyny (potensialyny) görkezýär.

Häzirki wagtda Hytaýda tutuş ýurt boýunça 5G tehnologiýasy bilen işleýän 250,000 sany esasy beket (stansiýa) bar, olaryň 20,000-si Pekinde ýerleşýär. Maksat şu ýylyň ahyryna çenli 600,000 sany esasy beket (stansiýa) gurmaklyk meýilleşdirilýär. Bu ýagdaýda Hytaýdaky esasy beketleriň (stansiýalaryň) sany tutuş Ýewropadakylardan has köp bolar.