«Sputnik V» sanjymynyň ilkinji tapgyry dolanyşykda

10.09.2020

Russiýanyň Milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa barlaglar merkezi tarapyndan taýýarlanan “Sputnik V” sanjymynyň ilkinji tapgyrynyň dolanyşyga girendigi mälim edildi.

  “Sputnik Internasionaldan” Daria Bedenkonyň habaryna görä, Russiýanyň Saglyk ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “Täze koronawirus epidemiýasynyň öňüni almaga gönükdirilen “Gam-COVID-Vac” (Sputnik V) sanjymynyň ilkinji tapgyry “Roszdrawnadzoryň” barlaghanasynda geçirilen synaglarda oňyn netije berdi we dolanyşyga goýberildi” diýilýär.

Russiýanyň saglyk ministri Mihail Muraşko bolsa koronawirus sanjymynyň klinika synaglarynyň 3-nji tapgyryndaky göwünjeňlere bu hepde sanjylyp başlanjakdygyny mälim edipdi.

“Sputnik V” 11-nji awgustda hasaba alnandan soňra, BAE, Saud Arabystany, Indoneziýa, Filippinler, Meksika, Braziliýa we Hindistan ýaly ýurtlaryň 20-den gowragy sanjym bilen gyzyklanýandyklaryny mälim edipdi.