TP-Link täze 4G modemi hödürledi

10.09.2020

TP-Link 4G mümkinçilikli modemleriň sanawyna täze model goşdy. 

“TL-MR100” atly enjam SIM karta ýerine salnyp, sebiti simsiz ykjam internet bilen üpjün edýär. Modem 32 enjamyň bir wagtyň özünde internete birikmegine mümkinçilik berýär. SIM karta ýeri bolsa, üstünde ýerleşýär.

Kompýuter, telewizor, oýun konsoly we beýleki enjamlar modemde ýerleşýän 4 LAN girişine hem birikdirilip bilner.

4G LTE bilen işleýän modem, 300 Mbit / s çenli internet tizligini hödürleýär. Göçürip almak tizligi 150 Mbit / s. Modeliň başga bir artykmaçlygy, bäsdeşlerinden tapawutlylykda hiç hili gurnama işini talap etmeýär.

TL-MR100 FDD-LTE we TDD-LTE goldawyna eýedir.