“Xiaomi Youpin” köpçülikleýin maliýeleşdiriş platformasy dezinfeksiýa we çyra hökmünde ulanylýan enjamy hödürleýär.
“USB” portuna birikdirilen enjam kompýuterler bilen birlikde, aşhanalarda we awtoulaglarda ulanylyp bilner.
Çyranyň aýak bölegi egilensoň, ulanyjynyň amatlylygy üçin egilme burçuny sazlap bolýar. Enjam dezinfeksiýa we sterilizasiýa üçin 12 yşyklandyryjy, şeýle hem 5 ultramelewşe ýagtylyk çeşmesi bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu enjamda ultramelewşe şöhlelerini saklaýan infragyzyl datçik hem bar.
2000 sagat ömri bolan ultramelewşe ýagtylyk çeşmeleri, öýjük membranasyna we organizmiň ýadrosyna aralaşýan we bakteriýalary ýok edýän 260-280 nanometr tolkun uzynlygynda ultramelewşe şöhläni çykarýar.
Enjamyň netijeliligi Hytaý we Ýewropa Saglyk Komissiýalarynyň şahadatnamalary bilen tassyklandy.