“Huawei” şereketi öz smartfonlary üçin “Google”-yň ýerine täze gözleg ulgamyny işe girizdi

13.09.2020

Düýn, Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Huawei” şereketi "Huawei Developer Conference – 2020"  (“Huawei” Öndüriji konferensiýasy – 2020) atly çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda “Huawei Consumer Business Cloud Services” şereketiniň prezidenti Zhangang Pingan “Huawei” we “Honor” ulanyjylaryna “Google”-y düýbünden unutdyrjak “Huawei” gözleg ulgamynyň resmi taýdan işe girizilendigini habar berdi.

Phangan Pingan gözleg ulgamynyň aslynda “Huawei” ykjam ulanyjylary üçin niýetlenendigini aýtdy. Şeýle hem ol: “Gözleg ulgamy häzirki wagtda 170-den gowrak ýurdy we sebiti öz içine alýar. 50-den gowrak dili goldaýar" -diýdi. Ondan öň “Huawei” şereketiniň “Search Petal” gözleg ulgamyny “App Gallery” programma dükanyna goşandygyny habar berdi. Şeýle-de bolsa, gözleg mazmuny esasan Ýewropanyň iň uly gözleg ulgamy “Gwant” we Russiýanyň iň uly gözleg ulgamy “Yandex” ýaly üçünji tarap hyzmatdaşlaryndan gelýär.

Häzirki wagtda “Huawei” smartfonlaryndaky akylly gözleg ulgamy birnäçe kategoriýada işläp biler:

Ýerli aragatnaşyklary, tekst habarlaryny, bellikleri we ş.m. 

Habarlar, wideolar, aýdym-saz, amaly programmalar we ş.m gözläp biler.

Belli bir programma tapmak üçin "programmalar” bölüminden, "Wideo" we "Saz" tapmak üçin, degişlilikde “Huawei Video” we “Huawei Music” bölümlerinden gözlemeli.