52 km/s bilen gidýän welosiped

11.09.2020

“Juiced Bikes” şereketi “HyperScrambler 2” atly welosipedini tanyşdyrdy. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň 2000 wat güýç öndürýän hereketlendirijisi bolup, 52 km/sagat tizlik bilen hereket edýär. Pedal aýlanmadyk wagty hem ýöreýän ulagda iki sany 52 woltluk batareýa bar. Ulag bir gezekki zarýady bilen 160 km ýol geçip bilýär. Ulagyň iki reňklisi bolup, bir batareýalysy hem satylar. Bir batareýaly ulag 3000 dollardan, goşa batareýalysy 4000 dollardan satuwa çykarylar. Ulagyň ilkinji nobatda, ABŞ-nyň bazaryna hödürlenmegine garaşylýar.