2024-nji ýyla çenli 4G mümkinçilikli düwmeli telefonlar bilen üpjünçiligiň mukdary 200 milliona ýetip biler

10.09.2020

Täze 5G ykjam standartynyň ornaşdyrylmagy LTE tehnologiýasynyň öňki neslinden has çalt bolsa-da, “Counterpoint”şereketiniň analitikleri 4G enjamlary bazaryny äsgermezlik etmäge çagyrdylar.

Bäşinji nesliň ykjam aragatnaşykda öňdebaryjy bolmagy üçin azyndan 10 ýyl gerek bolar. Oňa çenli 4G we 5G tehnologiýalary bilelikde ulanylar. Hünärmenler 4G mümkinçilikli "feature phone" kotegoriýasyndaky mobil telefonlar bilen üpjünçiligiň 200 milliona ýetjekdigini çaklaýarlar hem-de şunuň ýaly masştabdaky bazary äsgermezlik edip bolmajakdygyny hem dile getirýärler.

Ýakyn geljekde Hindistan, Ýakyn Gündogar we Afrika düwmeli telefon bazarynda esasy hereketlendiriji güýç bolup galar. “Counterpoint” şereketiniň habaryna görä, ýakyn bäş ýylda 740 milliondan gowrak şeýle enjam bu sebitlere eltiler, bu bolsa umumy üpjünçiligiň 75 göterimini düzýär.

2024-nji ýyla çenli düwmeli enjamlary üçin Hindistan, Bangladeş we Nigeriýa iň uly bazar bolar. Ýakyn Gündogar bilen Afrika düwmeli telefonlary üçin iň uly sebit bazary bolmagynda galýar. Geçen çärýekde sebit üpjünçiligiň takmynan 50 göterimini tutdy.