“MediaTek” şereketi kämil “Dimensity 1000C mobile 5G” platformasyny hödürledi

10.09.2020

“MediaTek” şereketi, bäşinji nesil torlaryny goldaýan ösen “Dimensity 1000C” mobil prosessoryny yglan etdi. Täze prosessor halkara bazary üçin niýetlenilendir  we “Dimensity 1000”-iň üýtgedilen görnüşidir.

7 nm-lik tehnologiýa prosesiniň esaslanda ýasalan “Dimensity 1000C” prosessorda 5G modem bar. Onuň arhitekturasynda 2,0 GGs sagat tizliginde sany işleýän 4 sany öndürijilikli “Cortex-A77” ýadro we 4 sany energiýa tygşytlaýan “Cortex-A55” ýadro bar. “GPU ARM Mali-G57” grafiki karta prosessoryň grafiki mümkinçiliklerini üpjün edýär.

“Dimensity 1000C” prosessor, iň ýokary öndürijiligi üpjün etmek üçin şekili gaýtadan işlemek we ulgamyň akylly meýilleşdirilmegi üçin jogapkär üç sany emeli intellekt prosessoryndan ybarat bolan nerw blogy bilen birleşdirildi. Şeýle hem, täzelik “Netflix” platformasy üçin “AV1 HDR” kodekini, “YouTube” üçin “AV1” kodekini, enjamyň ses işjeňleşdirilmegi üçin goşa ses oýanmak funksiýasyny goldaýar we goşa ekranly smartfonlarda dogry işleýär.