“Motorola Razr 5G” tanyşdyryldy

10.09.2020

“Motorola” kompaniýasy eplenýän ekranly “Razr” telefonynyň 5G-li görnüşini tanyşdyrdy. Mundan bir ýyla golaý ozal satuwa çykarylan “Razr” modeliniň has kämil görnüşi bolan telefonda 6,2 dýuým ululygynda eplenýän OLED ekran bolup, ol 2142 x 876 piksel durulygynda şekil hödürleýär. Ekranyň üstündäki kamera 48 MP durulygynda surata almaga mümkinçilik berýär. “Motorola Razr 5G” eplengi wagty ulanmak üçin has kiçi ikinji ekran bilen üpjün edilipdir. Ululygy 2,7 dýuýma barabar bolan ekranyň durulygy 800 x 600 piksele barabar. Bu ekranyň duran tarapynda hem 20 MP durulygynda surata alýan kamera bar. 8 GB RAM , 256 GB içki ýat bilen üpjün edilen telefon gysga wagtda zarýad alýan tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. 1400 dollardan satuwa çykaryljak telefonyň, ilkinji nobatda, haýsy ýurduň müşderilerine ýetiriljekdigi mälim edilmedi.