NASA tarapyndan Aýa gitmek we dürli kosmos missiýalarynda ulanmak üçin döredilen "Space Launch System" (SLS) atly raketasy 2-nji sentýabr, çarşenbe güni ilkinji gezek synag tapgyryna girer.
NASA Artemis missiýasynyň çäginde 2024-nji ýyla çenli kosmonawtlary Aýa ibermegi meýilleşdirýär.
Bu kyn işde "SpaceX", "Blue Origin" we "Dynetics" ýaly kosmos kompaniýalaryndan kömek alýan NASA şereketi syýahaty özüniň "Space Launch System" (SLS) atly raketasy bilen howpsuz etmegi maksat edinýär.
NASA şereketiniň SLS raketasy 2-nji sentýabr, çarşenbe güni ilkinji gezek synagdan geçiriler. Statiki ýangyn synagyndan geçiriljek raketanyň kadaly işleýändigi ýa-da işlemeýändigi barlanar.
NASA şereketi SLS raketasyny Ututa ştatynyň uçuş meýdançasynda synag wagtynda ulanar. Soňra tank doly ýangyç bilen doldurylar we raketa uçmaz ýaly durnukly ýagdaýda saklanar. Şol mahal hereketlendirijiler hakyky uçuş missiýasy ýaly atylar.
Statiki ýangyn synagy inženerlere ýangyjyň dogry akyp-akmaýandygyny, şeýle-de ulgamyň basyşynyň hem-de temperaturasynyň howpsuz bolup-bolmadygyny barlamaga mümkinçilik berer.