“Intel” logosyny täzeledi

07.09.2020

Tehnologiýa ägirdi “Intel” 14 ýyldan bäri ulanýan logosyny üýtgetdi. 11-nji nesle degişli “Tiger Lake”  prosessoryny köpçülige tanyşdyran “Intel” şol dabarada täze logosyny köpçülige görkezdi. Täze logoda ozalky logodaky ýaly gök we ak reňkler bar. Kompaniýa mundan ozal 1969-njy ýyldan bäri ulanýan logosyny 2006-njy ýylda üýtgedipdi. Şeýle hem, täze logo bilen bir hatarda “Intel iRIS”, “Xeon”, “Evo”, “Core”, “Pentium”, “Optane” ýaly harytlarynyň we hyzmatlarynyň hem logolary täzelendi.