Tejribeli analitik Ming-Chi Kuonyň soňky hasabatyna görä, "Huawei" şereketi gaty kyn ýagdaýa düşse, smartfon bazaryndan çykmaly bolar.
ABŞ bilen Hytaýyň arasynda tehnologiýa babatda dowam edýän ýaramaz ýagdaýlaryň täsiri netijesinde "Huawei" şereketi dürli sanksiýalara sezewar edildi.
"Google" şereketi tarapyndan android ygtyýarnamasy ýatyrylan Hytaý kompaniýasy hem ABŞ tarapyndan girizilen çäklendirmeler bilen iş salyşmaly.
Ýakynda "Huawei" şereketi ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalar sebäpli smartfonlar üçin öndürilen Kirin prosessorlarynyň önümçiligini togtatmalydyklaryny habar berdi. Ýöne bu babatdaky meseleler diňe şol ýerde durmaýan ýaly.
Tejribeli analitik Ming-Chi Kuo tarapyndan neşir edilen soňky hasabatda gaty täsirli sözler bar. Kuonyň garaýyşlaryna görä, "Huawei" smartfony bazardan çetde durmaly bolup biler.
ABŞ-nyň ähli sanksiýalaryna garamazdan, "Huawei" şereketi 2020-nji ýylda öz pudagynyň başynda bolmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, bütin dünýäde weýrançylykly täsirleri döredýän koronawirus epidemiýasy Hytaý kompaniýasyna täsir edip bilmedi.
Ygtybarly analitik Kuonyň pikiriçe, 15-nji sentýabr "Huawei" şereketi üçin ýagdaýyň ýaramazlaşyp başlan senesi bolar.
Çap edilen habara görä, "Huawei" şereketinde iki dürli ssenariýa bar. Ilkinji ssenariýa görä, "Huawei" kompaniýasy halkara smartfon bazarynda düýp tutar. Kuonyň pikiriçe, bu oňyn tarap. Ýaramaz ssenariýa görä, "Huawei" şereketi smartfon bazaryndan doly çykmak bilen taryh girip biler.
Öňümizdäki aýlarda "Huawei" şereketiniň haýsy strategiýany durmuşa geçirjekdigi we bu işden nädip çykjakdygy belli bolar.