56 ýyldan soňra dolandy

03.09.2020

NASA-nyň 56 ýyl ozal kosmosa uçuran emeli hemralarynyň biri Ýeriň atmosferasyna girip, ýanyp ýok boldy. Ýeriň magnit meýdanyny öwrenmek üçin uçurylan enjamlaryň biri bolan OGO-1 birnäçe ýyldan soňra ulanyşdan galypdy. Adatça, kosmos giňişliginde ulanyş möhleti tamamlanan enjamlar ýa gözegçilikli ýagdaýda Ýere gaçyrylýar, ýa-da asman giňişligindäki uçuşyny dowam etdirýär. OGO-1 emeli hemrasy 1964-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda uçurylypdyr. Maksatnamanyň çäklerinde jemi alty sany OGO (Orbital Geophysical Observatory) emeli hemrasy uçurylyp, häzire çenli olaryň ählisi ulanyşdan galypdyr. Mundan ozal iň soňky gezek “OGO-5” emeli hemrasy 2011-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna giripdir. 1971-nji ýyla çenli ulanylan enjam häzirkiler ýaly uzakdan dolandyryp bolmandygy sebäpli häzire çenli asman giňişligindäki aýlawyny dowam etdirmeli boldy. Arizona uniwersitetiniň kosmosy öwreniji Katalina atly topary 25-nji awgustda Ýere uly bir zadyň golaýlap gelýändigini anykladylar. Bu astronomlar topary adatça Ýere golaýlaýan ýa-da atmosfera girýän asteroidlere syn edýärler.

NASA bu emeli hemranyň 29-njy awgustda Ýere düşendigini mälim etdi. Enjam Agramy 113 kilograma barabar bolan enjam Tahitiniň günorta-gündogaryndan atmosfera giripdir.

Ýeriň atmosferasyna daşyndan gelýän daşlar we köne emeli hemralar kisloroda degeninde sürtülmäniň täsiri bilen ýanyp, ownuk böleklere bölünýär.