“Sony” şereketi täze “PlayStation 5” oýun konsoly üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Her kim anketany dolduryp bilse-de, ýörite çakylyk iberilen ulanyjylara artykmaçlyk berilýär.
Onlaýn hasaba alyş elýeterli PS5 enjamlarynyň mukdarynyň çäkli bolanlygy sebäpli öňünden sargyt etmek üçin niýetlenendir.
Kompaniýanyň hünärmenleriniň sözlerine görä, çakylyklar ulanyjylaryň öňki hereketleri esasynda döredilýär, ýöne enjam üçin deslapky sargyt kepillendirilmeýär. Çakylyk çäkli wagt üçin güýje girer we diňe belli "PSN" kesgitleýji üçin işjeňdir.
Maglumata görä, häzirki wagtda bu hyzmat diňe ABŞ-nyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir. Satylýan önümleriň sanawy hem çäkli bolar: her bir ulanyjy konsola (PS5 ýa-da PS5 Digital Edition) we başga-da iki önüme - simsiz oýun dolandyryjylary, joýstikler üçin zarýad beriji, "Pulse 3D" gulaklyk we "HD" kamera sargyt edilip biler
Maglumat “PlayStation 5” oýun konsolynyň bahasyny we goýberilen senesini görkezmeýär. Şuňa meňzeş programmanyň Ýewropada, Russiýada we beýleki sebitlerde başlajakdygy barada habar berilmeýär.