ABŞ-da ýerleşýän «Sensor Tower» kompaniýasy 2020-nji ýylyň oktýabr aýynyň netijesi boýunça amaly maglumatlary çap etdi. Neşir edilen habara görä, Hytaýyň wideo programmasy bolan «TikTok», «App Store»-da we «Google Play Store»-da ulanyjylar tarapyndan iň köp ýüklenilen programma boldy.
«Sensor Tower» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, «TikTok» programmasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,5 göterim artmaklyk bilen oktýabr aýynda 66 million gezek ýüklenilip alyndy we öz ornuny ýokarda saklamagy başardy. «TikTok» programmasynyň yzyndan «Google Play»-de «WhatsApp», «App Store»-da bolsa "Zoom"» ýetmegi başardy.
Oktýabr aýynda Iň köp ýüklenilen ikinji programma bolan «WhatsApp», bu döwürde 57 million gezek ýüklenildi. Geçen aýda iň köp ýüklenilen programmalaryň sosial mazmunlydygy hem ünsi özüne çekýär.
«App Store» we «Google Play Store»-dan iň köp ýüklenilen 10 programma şu aşakdakylardyr:
• TikTok
• Zoom
• Snack Video
• Messenger
• Google Meet
• SnapChat
• Telegram