Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

34 sagatdan soň salamyny aldy

03.11.2020

NASA mart aýyndan bäri “Voyager 2” atly kosmos enjamy bilen ilkinji gezek habarlaşdy. Bu täsin enjam 1977-nji ýylda kosmosa uçuryldy we şondan bäri syýahatyny durman dowam etdirýär. Häzirki wagtda Gün ulgamynyň çäginden çykyp barýan enjama radiotolkunlary arkaly iberilýän habar oňa 34  sagatda baryp ýetýär. Kosmos gämisi ýyllaryň dowamynda Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun ýaly planetalaryň golaýyndan geçdi. Häzirki wagtda bu kosmos gämisi bilen aragatnaşygy ýola goýýan stansiýanyň käbir enjamlary döwrebaplaşdyrylýar. Şeýlelikde, kosmos gämisi bilen has ýygy habarlaşyljakdygy mälim edildi.

“Voyager 2” Ýerden 18 milliard kilometr uzaklaşdy. Kosmos gämisi bilen aragatnaşygy ýola goýmak üçin ABŞ-da, Ispaniýada we Awstraliýada üç sany äpet teleskopdan peýdalanylýar.