Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýewropa Bileleşigi superkompýuter öndürmek üçin 8 milliard dollar bölüp berer

18.09.2020

Ýewropa bileleşigi "sanly özygtyýarlylygy" gazanmak üçin superkompýuterleriň önümçiligine 8 milliard ýewro maýa goýar. Bu barada bileleşigiň başlygy Ursulu fon der Leýen habar berdi.

"Superkompýuterlerimiziň önümçiligine 8 milliard ýewro maýa goýjakdygymyzy mälim etmekden hoşaldyrys" – diýip fon der Leýen belleýär.

Onuň sözlerine görä, bu taslama geljekde Ýewropanyň "sanly özygtyýarlylygyny" gazanmaga we Bileleşik ýurtlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.