Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

5G smartfonyny tanyşdyrar

16.03.2020

Hytaýyň ZTE kompaniýasy 23-nji martda täze 5G aýratynlygy bolan “Axon 11 5G”-ni tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň mobil enjamlar bölüminiň ýolbaşçysy doktor Lu Sianhao täze smartfonyň wideoşekilleri ýazgy etmekde has ýokary hilli boljakdygyny mälim etdi. ZTE-niň global söwdadan jogapkär ýolbaşçysy Su Feng mundan ozal metbugata beren  beýanatynda Hytaýyň 5G smartfon bazarynda iň esasy barlaryň biridigini we 5G telefonlaryň geljekki 10 ýylyň dowamynda gündelik durmuşymyzyň bir bölegi bolmagynda galjakdygyny aýdypdy. ZTE geçen aý “Axon 10s Pro” atly 5G telefonyny tanyşdyrypdy.