Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 13-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna ýurdumyzyň muzeýleriniň milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek üçin täzeçil serişdeleri ulanmak arkaly uzak aralykdan muzeýler bilen tanyşlygy guramak we bu taslamany amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän guramaçylyk çäreleri barada hem hasabat berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň, medeniýet ulgamynda maglumat giňişligini döretmekde, şol sanda kitaphanalaryň we muzeýleriň gaznalaryna elýeterliligi üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Bu meseleleriň oňyn çözgüdi jemgyýetde medeniýetiň we bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, dünýäde milli medeni mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine kömek eder diýip, milletiň Lideri belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň muzeýleriniň aglabasynyň resmi saýtlary döredildi. Elektron gidler bolsa muzeýlere gezelnje gelenlere bu ýerdäki gymmatlyklar barada gürrüň berýär.