Hindistanyň “Lava” atly smartfon öndüriji şereketi internetsiz töleg ulgamyny tanyşdyrdy. “Lava Pay” atly ulgamy tanyşdyran şereketiň ýolbaşçysy Tejinder Sinh täze ulgamyň töleglerde pul geçirimini aňsatlaşdyrjakdygyny mälim etdi. Şereketiň mundan soňraky satuwa çykarjak ähli smartfonlarynda bu programma ornaşdyrylan bolar. Şeýle hem häzirki wagtda bu telefonlary ulanýanlar degişli serwislerden bu programmany geçirdip bilerler. “Lava” töleg ulgamy örän ýönekeý bolup, pul geçirmek ýa-da töleg geçirmek isleýän ulanyjylar alyjynyň telefon belgisini, geçiriljek pul möçberini we parolyny ýazmaklary ýeterlik. Pul geçirilenden soňra iberijä we alyja sms arkaly bu barada degişli habar berilýär. Ulanyjylar islän wagty öz akkaundyndaky puly bankyň şahamçasyna baryp, nagt görnüşde alyp bilýärler.
Internetsiz işleýän töleg ulgamy
16.03.2020