Wise-premýer B.Abdyýewa 13-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň pudaklaýyn edaralaryň işini sanlylaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem medeniýet ulgamyny 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alyp, Medeniýet ministrligine degişli guramalaryň arasynda içerki elektron ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudaklaýyn edaralaryň arasynda maglumatlary, resminamalary we täzelikleri alyşmak işlerini çaltlandyrmaga we umuman, onuň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Habar berlişi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde zerur bolan tehniki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow bilen bilelikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek babatda kabul edilen karara laýyklykda maslahat geçirmegi tabşyrdy.