Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ilkinji kwant kompýuteri işlenip düzüler

16.03.2020

IBM kompaniýasy Germaniýanyň Ştutgart şäherinde Ýewropanyň ilkinji kwant kompýuterini gurmagy maksat edinýär. Ýurduň senagat taýdan ösen şäherleriniň biri bolan Ştutgartdaky Fraunhofer institutynyň çäklerinde guruljak kompýuter dünýäde söwda maksatly ulanyljak ilkinji kwant kompýuteri bolar. Kompýuteriň ýanynda ylmy-barlag laboratoriýalary hem dörediler. Äpet hasaplaýyş maşyny öňümizdäki ýylda işläp başlar. IBM soňky wagtlarda şereketlere we ylmy-barlag edaralaryna öz kwant kompýuterlerindäki algoritmlerden “bulut” tehnologiýasy arkaly peýdalanmaga mümkinçilik döretdi. IBM bilen Fraunhofer institutynyň aralygynda ylalaşyk geçen ýyl Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumynyň çäklerinde ýola goýlupdy. Germaniýanyň hökümeti kwant kompýuterleri işläp taýýarlamaga we ulanyşa goýbermäge 650 million ýewro bölüp berjekdigini mälim edipdir. Kwant kompýuterler adaty superkompýuterlere garanyňda amallary çözmekde has tizligi bilen tapawutlanýar.