Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Apple” täze enjamlaryny tanyşdyrdy

16.09.2020

“Apple” kompaniýasy düýn agşam täze enjamlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Garaşylyşy ýaly “iPhone 12” smartfony görkezilmedi. Kompaniýa orta derejeli “iPad Air 4”, “iPad”, “Apple Watch Series 6” sagatlaryny, arzan bahaly “Watch SE” sagadyny we ähli enjamlaryny birikdirmäge kömek edýän “Apple One” hyzmatyny tanyşdyrdy.

“Time Flies” atly dabarada görkezilen täze nesil “iPad Air 4”-de edil “iPad Pro”-da bolşy ýaly enjamyň ýüzüni tutuşlygyna ekran gaplaýar. Enjamyň “Home” düwmesi howpsuzlygyna zyýan ýetirmezden aýrylypdyr. Planşet orta derejeli diýilýän hem bolsa, ýokary derejeli “A14 Bionic” çipseti bilen üpjün edilipdir. Ýadynyň göwrümi 64 GB bolan enjamyň ululygy 10,9 dýuým. Enjam “Touch ID” howpsuzlyk düwmesi bilen üpjün edilip, bu düwme beýleki programmalardan peýdalanmakda hem ulanylýar. Planşetiň öňünde hem-de yzynda bir sany kamera sensory bar. Öň tarapyndaky kamera 1080p 60 FPS durulygynda wideo, 7 MP durulygynda surata düşürip bilýär. Yzky kamera 4K 60 FPS wideoýazgy, 12 MP durulygynda surata alýar. Öňümizdäki aý satuwa çykjak enjamyň bahasynyň 599 dollardygy mälim edildi. 

Dabarada 8-nji nesle degişli “iPad” hem tanyşdyryldy. “A12 Bionic” çipseti oturdylan enjam “Apple Pencil” galamy we “Smart Keyboard” klawiaturasy  bilen bilelikde hem ulanyp bolýar.

Tehnologiýa ägirdiniň tanyşdyran sagatlarynyň daşky şekili ozalkylara meňzeş bolup, aýlawly dörtburç görnüşinde dizaýn edilipdir. Täze “Apple Watch Series 6” ozalky seriýadan 20 göterim güýçli bolan S6 mikroprosessory bilen üpjün edilipdir. Sagadyň altynsow, grafit, gök we gyzyl reňkli görnüşleri bar. Sagadyň batareýasynyň ozalkydan has uzaga gidýändigi mälim edildi.