Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Sony” “Xperia 5 II”-ni tanyşdyrdy

17.09.2020

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy täze “Xperia 5 II” smartfonyny tanyşdyrdy. Ululygy 6,1 dýuýma barabar bolan telefon dekabr aýynda satuwa çykarylar. Kompaniýanyň “Xperia” modeline degişli smartfonlary  ýokary hilli surata düşürmegi bilen tapawutlanýar. Täze telefonyň FHD+ durulygyndaky OLED ekrany bolup, “Gorilla Glass 5” gorag tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. Mobil enjamyň inženerleri telefonyň ýokarsyndaky çarçuwa onuň selfi kamera sensoryny ýerleşdirmegi makul bilipdirler. Telefon bu babatda hem tapawutlanýar. Bu kameranyň durulygy barada maglumat berilmedi. Berlen maglumata görä, telefona 8 ýadroly “Snapdragon 865” mikroprosessory oturdylypdyr. “Android 10” amaly ulgamynda işlejek enjam 4 000 mA/sagat kuwwatyndaky batareýa bilen üpjün edilipdir. Telefonyň yz tarapynda dikligine ýerleşdirilen üç sany kamera sensory bar. Olar esasy, ultragiň we çuňluk kameralary bolup, ählisi 12 MP durulygynda surata alýar. Şeýle hem, telefon arkaly 4K durulygynda wideoýazgy edip bolýar. Müşderiler 29-njy sentýabrdan başlap bu telefony sargyt edip bilerler. Telefonlar 4-nji dekabrdan başlap eýelerine iberiler. Telefonyň bahasynyň 950 dollardygy mälim edildi.