Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Diwaryň aňyrsyndaky zatlary görmäge mümkinçilik berýän algoritm döredildi

15.09.2020

Alymlar diwaryň aňyrsyndaky zatlary görmäge mümkinçilik berýän täze algoritm oýlap tapdylar.

Şu ýylyň 9-njy sentýabrynda “Nature Communications” (“Tebigat aragatnaşygy”) žurnalynda çap edilen ylmy gözlegiň netijesine görä, algoritmiki synaglaryň dowamynda, 1 dýuým (2,4 santimetr) köpük gatlagy bolan üç ölçegli şekil üstünlikli dikeldildi. Bu bolsa diwarlaryň aňyrsyndaky zatlary görmäge mümkinçilik berýär.

Algoritm şu wagta çenli lukmançylykda mikroskopiki şekilleri döretmek üçin ulanylar öýdülýärdi. Bu täzelik hemra suraty ýaly makro programmalar üçin hem ulanylyp bilner.