Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

30 ýyllygy mynasybetli täze logo

15.09.2020

“Sega” kompaniýasynyň 1991-nji ýylda çykarylan “Genesis” konsolynda oýnalýan “Sonic the Hedgehog” oýnynyň döredilenine  30 ýyl boldy. Golaýda bu sene mynasybetli täze oýunlar taýýarlandygyny mälim eden kompaniýa indi bolsa bu sene mynasybetli taýýarlan ýörite logosyny görkezdi. Soňky ýyllarda bu oýnuň filmi we multfilmi hem peýda bolupdy. Täze logoda gök reňk agdyklyk edýär. Oýnuň baş gahrymany bolan kirpijigiň gyzyl reňkli aýakgaby hem göz öňünde tutulypdyr. Kompaniýa geljekde täze oýunlaryny çykaryp durjagyny mälim edýär.