Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Huawei” “Mate 40” seriýasyny tanyşdyrdy

23.10.2020

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 2020-nji ýyldaky ikinji premium derejeli smartfon seriýasyna degişli mobil enjamlaryny tanyşdyrdy. Üç nusgasy bolan “Mate 40” smartfonlarynyň ählisi ekranynyň giňligi we çarçuwasyzlygy bilen tapawutlanýar. seriýanyň iň güýçlüsi bolan ”Mate 40”-yň ekranynyň çep tarapynda, ýokardaky deşijekde  kamera sensory ýerleşdirilipdir. “Mate 40 Pro” hem-de “Mate 40 Pro+”  modellerinde bolsa, iki sany selfi kamera göz öňünde tutulypdyr. Seriýanyň geçen ýylky modellerinde bolşy ýaly, bu ýylky telefonlarda hem “şaglawuk” ekran dizaýny göz öňünde tutulypdyr. Esasan hem, “Mate 40 Pro “ we “Mate 40 Pro+” modelleriniň öňi hem-de iki gapdaly örän owadan görünýär. Enjamyň gapdallary hem öňi ýaly ekran bolansoň, hiç hili düwme ýerleşdirilmändir. Seriýa degişli smartfonlar “Huawei HiSilicon” tarapyndan işlenip düzülen 5nm “Kirin 9000” mikroprosessor oturdylypdyr.