Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Mate 30E Pro 5G” tanyşdyryldy

23.10.2020

“Huawei” kompaniýasy “Mate 40” seriýasyna degişli smartfonlar bilen bir hatarda “Kirin 9000” mikroprosessor oturdylan “Mate 30E Pro 5G” smartfonyny tanyşdyrdy. Hytaý brendiniň yz tarapynda 4 kamera we “Leica” logosy ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, “Leica” kompaniýasy fotoapparat önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolup, häzirki wagtda smartfonlar üçin kameralary hem öndürýär. 5G aýratynlygy bolan telefonyň jemi 6 reňklisiniň (gara, mämişi, kümüşsöw, ýaşyl we narynç) bar. Telefonyň bahasy we müşderilere ýetiriljek wagty mälim edilmedi. 8 GB RAM, 128 GB, 256 GB, 512 GB hemişelik ýat ýaly tehniki aýratynlyklary bolan smartfonyň yz tarapynda 40 MP (f/1,6), 8 MP telefoto kamera (f/2,4) we 40 MP ultragiň (f/1,8) kamera bar. Selfi kamerasy bolsa 32 MP (f/2,0) durulygynda surata alýar.