Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Atmosferadaky kömürturşy gazy daşa öwrüler

14.09.2020

“Audi” kompaniýasy Şweýsariýanyň daşky gurşawy goramak boýunça iş alyp barýan “Climeworks” bilen bilelikde “howadaky kömürturşy gazyny tutýan” desgasyny gurmagy maksat edinýär. Islandiýada guruljak desgada atmosferadaky howa süzgüçden geçirilenden soňra düzümindäki kömürturşy gazy ýygnalýar. Soňra bolsa ýeriň aşagyna iberilip, daşa öwrülmegi üpjün ediler. Howadaky gazy tutmak daşky gurşawy goramakdaky täze usullaryň biri hasaplanýar. Bu usul arkaly kömürturşy gazyndan arassalanan arassa howa gaýtadan atmosfera iberilýär. Bu desganyň arassalaýan howasy 80 müň agajyňka barabar. Gije-gündiziň dowamynda arakesmesiz işlejek desga her ýyl atmosferadan 4 müň tonna hapa gazy aýyrar. “Audi” brendine hem eýeçilik edýän “Volkswagen” öz önümçilik kärhanalarynda emele gelýän kömürturşy gazyny 2025-nji ýyla çenli 2015-nji ýyldakydan 30 göterim azaltmagy maksat edinýär. 2050-nji ýyla çenli bolsa, howa iberilýän hapa gaz mukdaryndaky howany arassalamagy maksat edinýär.