Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ilkinji “akylly” sagadyny çykarar

15.10.2020

Mobil enjamlary öndürmegi bilen tanalýan “OnePlus” kompaniýasy ilkinji smart sagadyny çykarmaga taýýarlyk görýär. 2015-nji ýylda esaslandyrylan kompaniýa elýeterli bahaly elektron enjamlary öndürmegi bilen tanalýar. “OnePlus Watch” atly sagadyň “Android”-iň smart sagatlara niýetlenen “WearOS” amaly ulgamynda işlejekdigi mälim edilýär. Tegelek şekilli boljak sagat şu ýylyň ahyrynda taýýar bolar. Golaýda “OnePlus 8T” smartfonyny hem-de gulaklygyny tanyşdyrypdy. 26-njy oktýabrda bolsa, “OnePlus N10” hem-de “N100” atly telefonlaryny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Başlangyç we orta derejeli bu telefonlaryň 200-400 dollar töweregi bahadan satylmagyna garaşylýar.