Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“Microsoft” “Apple”-den ozdurdy

11.02.2020

Bazar nyrhy 2,62 göterim artan “Microsoft” kompaniýasy “Apple”-den ozduryp, iň gymmat bahaly kompaniýa boldy. Mundan 10 ýyl ozal dünýäniň iň gymmat bahaly kompaniýalarynyň köpüsini energiýa şereketleri emele getirýärdi. Şol döwür bary-ýogy 2-3 sany tehnologiýa şereketi ilkinji onluga girýärdi. Häzirki wagtda bolsa, ilkinji 10 kompaniýanyň 7-sini tehnologiýa şereketi emele getirýär. “Marketwatch” saýtynyň habaryna görä, sanawyň başyny çekýän “Apple” ikinji orna düşüp, ýerini “Microsoft”-a goýdy. Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan amerikan kompaniýasynyň bazar bahasy 1,44 trillion dollara ýetdi. Bu görkeziji “Apple”-de 1,41 trillion dollar boldy. “Apple” 2018-nji ýylyň awgustynda ilkinji gezek 1 trillion dollar sepgidini geçipdi.