Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Geljekki displeý tehnologiýasy Mini-LED barada iň soňky maglumatlar

03.10.2020

Samsung” şereketi ýokary segmentli telewizorlarda “QLED” tehnologiýasyny goldaýar. Samsung geljekki telewizorlarynda doly tizlik bilen dürli tehnologiýalaryň üstünde işlemegini dowam etdirýär. 

“MicroLED” tehnologiýasyny goldaýan telewizorlary hödürleýän kompaniýa, şeýle hem ulanyjylara “mini-LED” we “QD-QLED” esasly telewizorlary getirmäge taýýarlanýar. Iň soňky maglumata görä, Samsung geljek ýyl iki million kiçi LED telewizor satmagy meýilleşdirýär. 

Bazar gözlegçisi “TrendForce”-iň pikiriçe, Samsung 2021-nji ýylda “Mini-LED” yşyk çyrasy tehnologiýasy bilen täze “QLED” telewizoryny satuwa çykarar. 4K durulykda 55 dýuým, 65 dýuým, 75 dýuým we 85 dýuým bolar diýlip garaşylýar. “Mini-LED” yşyk çyrasynyň kömegi bilen telewizorlaryň 1 000 000: 1 garşylyk görkezijisini hödürlejekdigi aýdylýar. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen täze telewizorlaryň häzirki nesil telewizorlary tarapyndan hödürlenýän 10 000:1-den ep-esli ýokarydygyny aýdylýar. Şeýle ýokary gapma-garşylyk gatnaşygy azyndan 100 ýerli garalama zolagyny ulanmak we 8,000-30,000 ýokary woltly “Mini-LED” çipleri ulanmak arkaly gazanylýar.