“Xiaomi” kompaniýasy orta derejeli “Mi 10T Lite” samrtfonyny tanyşdyrdy. Tehniki aýratynlyklary babatda ünsi özüne çekýän telefon bahasynyň amatly bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Ekranynyň ululygy 6,67 dýuým bolan telefon FHD+ durulygynda şekil hödürleýär. Telefonyň kiçijik deşijege ýerleşdirilen selfi kamerasy 16 MP durulygynda surata almaga mümkinçilik berýär. Mobil enjama oturdylan “Qualcomm'un Snapdragon 750G” çipseti aragatnaşygyň 5-nji neslinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 6 GB RAM we 128 GB içki ýat ýaly tehniki aýratynlyklary bolan telefonyň barmak yzyňy okaýan sensory gapdalyna ýerleşdirilipdir. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän telefon “MIUI 12” interfeýsi bilen üpjün edilipdir. Telefonyň yz tarapynda dört sany kamera sensory ýerleşdirilipdir. Bular 64 MP esasy kamera, 8 MP giň burçly kamera, 2 MP makro kamera hem-de 2 MP çuňluk sensorlarydyr. Telefonyň ekrany hem-de yz tarapy “Corning Gorilla Glass 5” gorag gatlagy bilen örtülipdir. Şeýle hem, telefonda “LiquidCool” atly täze sowadyjy ulgam oturdylypdyr.
Bahasy arzan, aýratynlyklary ýokary
02.10.2020