Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýewropada satuwa goýberiljek täze “Sony Xperia 5 II” smartfonyny öňünden sargyt edenlere sowgatlar garaşýar

02.10.2020

Şu ýylyň 19-njy oktýabrynda satuwa goýberiljek täze “Sony Xperia 5 II” ykjam smartfonyny Ýewropada öňünden sargyt edip bolýar. Bu enjamy öňünden sargyt eden dürli ýurtlar smartfonyň ýany dürli sowgatlary alarlar.

Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ispaniýa we Gresiýa ýaly ýurtlarda bu smartfon öňünden sargyt edilende, ulanyjylar “Sony WF-1000XM3” ses peseldiji enjamly gulaklyklary alarlar. Daniýa, Finlýandiýa, Norwegiýa we Şwesiýa ýaly döwletler bolsa “Sony WH-1000XM3” ses peseldiji enjamly gulaklyklary alarlar.

Angliýada “Sony Xperia 5 II” smartfonyny satyn almak isleýänler, bu enjamy öňünden sargyt edenlerinde sowgat hökmünde “Sony WH-H910N” ses peseldiji gulaklyklary alarlar. Polşaly alyjylara iki dürli “Sony WF-SP800N” we  “Sony WH-XB900” gulaklyklaryndan saýlanlary sowgat hökmünde smartfonyň ýanyndan beriler. Rus ulanyjylary “Sony Xperia 5 II” smartfonyny öňünden sargyt edenlerinde “Sony WF-XB700” simsiz gulaklyklary alarlar.

Ýewropa sebitinde “Sony Xperia 5 II” 899 ýewro we 799 funt sterlinge satylar we resmi satuwlar 19-njy oktýabrda başlar. Russiýada bu smartfonyň 8 Gb-lik RAM we 128 Gb-lik maglumat saklaýjy ýady bolan görnüşi 69,990 rubl bilen bahalandyrylar.