Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we mugallymlarynyň maglumat howpsuzlygy boýunça hünär endiklerini ösdürmek, maglumat tehnologiýalary boýunça ukyplaryny ýokarlandyrmaga we kämilleşdirmäge bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
10-njy aprelde «Sanly Çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň edara binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi.
Kibertürgenleşikde mugallymlar we talyplar dünýäde giňden ýaýran kiberhowpsuzlyk bäsleşikleriniň CTF (Capture the Flag) görnüşinde ýumuşlary çözmek we belli bir netijeleri gazanmak usulda geçirildi.
Kibertürgenleşikde tapawutlanan talyplar ýurtda geçirilýän «Kiberbäsleşigiň» birinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.