Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagyny iberdi.
Imperator Naruhito "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen:
"Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size bagtyýarlyk, ýurduňyzyň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin" diýip belleýär.