Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Ýaponiýanyň Imperatoryndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag geldi

27.09.2024

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk gutlagyny iberdi.

Imperator Naruhito "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen:

"Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Size bagtyýarlyk, ýurduňyzyň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen beýan edýärin" diýip belleýär.