Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
– Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan netijeli işiňiz hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyňyz Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň, onuň raýatlarynyň rowaçlygynyň, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň pugtalanmagynyň kepili bolup durýar.
Gazagystanda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza, köpugurly döwletara gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmak babatda umumy asylly maksadymyza ýetmek boýunça tagallalary goldaýandygyňyza ýokary baha berýärin – diýip, gazak Lideri gutlagynda belleýär.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlagynyň ahyrynda türkmen kärdeşine egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw edýär.