1-nji iýunda Türkmenistanda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige Watana, ene topraga, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigata we milli gymmatlyklara bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurduň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşyp, şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlandy, 21-si bolsa I, II we III orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan we ýeňiji bolan çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle hem Hormat hatlary gowşuryldy.