Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana sapar bilen barar

03.04.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde Täjigistana sapar bilen barmagyna garaşylýar.

Bellenilişi ýaly, şu günler Täjigistanda türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň hem uly topary bolýar.

3-nji aprelde Täjigistanyň Sadriddin Aýni adyndaky opera we balet teatrynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.

4-nji aprelde bolsa ýurduň Milli muzeýinde türkmeniň bezeg we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guralar hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert hem geçiriler. Soňra Türkmenistandan baran myhmanlar Täjigistanyň sebitlerine bararlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde iki döwletiň arasyndaky dürli ugurlar boýunça gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyljak ýokary derejeli duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada "Sputnik Täjigistan" Täjigistanyň Milli Parlamentiniň ýolbaşçysy Rustam Emomaliniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Prezidentler Emomali Rahmon we Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we bu ugurda hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada ulag ulgamynyň bilelikde ösdürilmegini goldap çykyş etdi.