01.08.2024
31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rudy kabul etdi.
Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we öz ýurdunyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz hanym Elizabet Rudy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa köpugurly türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň Prezidentine salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda okgunly ösdürilýän döwletara dialogyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlyk, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga ýardam berýändigi tassyklanyldy. Şunda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyna, sebit we ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, parahatçylygyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigine üns çekildi.
Söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň iki ýurduň bu ugurdaky bar bolan mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşandy bellenildi. “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri amerikan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň, beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylandygy we bu ýerde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, şol sanda amerikan şahyry Lengston Hýuzuň hem heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.
Diplomat Türkmenistanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň özara hoşmeýilli erke esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň abraýly raýaty Elizabet Rudy Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hökmünde Siziň ýurduňyzda öz wekilim edip belledim. Ol biziň ýurtlarymyzyň özara bähbitlerine oňat düşünýär hem-de aramyzdaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak baradaky meniň tüýs ýürekden ymtylmalarymy goldaýar. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Türkmenistana abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Jozef Baýden,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.
17.10.2025
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
11.10.2025
Ашхабад в фокусе инноваций - компании из 40 стран представляют прорывные решения
09.10.2025
Türkmenistan noýabrda tehnologiýa we ulag pudagynda halkara dialogyň merkezine öwrüler
09.10.2025
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklandy
05.10.2025
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
04.10.2025
Aragatnaşyk, dokma we suw hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde öňdebaryjy boldylar
04.10.2025
Prezidentimiziň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
26.09.2025
Türkmen wekiliýeti sanly özgertmeler boýunça Estoniýanyň tejribesini öwrendi
27.08.2025
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy sanly özgertme boýunça okuw geçirýär
25.08.2025
Türkmen höwesjeň ýaşlarynyň 50-ä golaýy sumo boýunça robotlaryň göreşine gatnaşdy
20.08.2025
Arkadag «TIF-2025» forumynda «akylly» we ekologik taýdan arassa şäheriň nusgasy bolar
18.08.2025
Wirtual serwerleriň ätiýaçlyk göçürmeleriniň mümkinçilikleri
18.08.2025
Türkmenistanda ýaş inženerleriň arasynda bäsleşik geçirildi
28.07.2025
Türkmenistan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin X-Road ulgamyny işe girizdi
11.07.2025
BMG-niň forumynyň gatnaşyjylar üçin Türkmenistanda «Awaza AI» atly wirtual kömekçi işe girizildi
09.07.2025
Aşgabatda aragatnaşyk we awiasiýa pudagynyň bilermenleri ýaş hünärmenler bilen duşuşdylar
30.06.2025
«Daýhanbank» Türkmenistanda bank kartlaryny çykarmak boýunça öňdebaryjy boldy
29.06.2025
Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy işe girizildi
28.06.2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata berdi
28.06.2025
Türkmenistanyň wekilleri Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara IT-konferensiýasyna gatnaşdylar
18.06.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasynda emeli aň boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýar
14.06.2025
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
02.06.2025
Türkmen hünärmenleri Özbegistanyň «ýaşyl» tehnologiýalar babatdaky tejribesini öwrenýärler
27.05.2025
«Daýhanbank» daşary ýurtda okaýan talyplar üçin «Menzilara bank» ulgamyndan peýdalanmagy teklip edýär
09.05.2025
КЭ «Туркментелеком» агентства «Туркменарагатнашык» предлагает организациям услугу Колл-центра
08.05.2025
«Туркменарагатнашык» и «Туркменпочта» поздравили ветеранов
07.05.2025
«Türkmenaragatnaşyk» и Airbus договорились о партнерстве в космической сфере
29.04.2025
Türkmenistanyň älem ulgamynyň gazananlary we geljegi
18.04.2025
Türkmenistanda X-Road platformasynyň ornaşdyrylmagy boýunça işler alnyp barylýar
18.04.2025
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aragatnaşyk üçin maýa goýumlary 82 million manatdan gowrak bolar
15.04.2025
«Türkmenaragatnaşyk» EXPO-2025 sergisinde sanlylaşdyrmakda gazanan üstünliklerini görkezýär
14.04.2025
Mugallymlaryň we talyplaryň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça türgenleşik geçirildi
12.04.2025
TYA-nyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy maslahat geçirildi
10.04.2025
Türkmenistan Duşenbede sanly aragatnaşyk boýunça geçirilen halkara foruma gatnaşdy
10.04.2025
Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňelder
28.03.2025
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli çäre geçiriler
12.03.2025
Türkmenistanda bitum emulsiýasyny öndürmek boýunça täze tehnologiýa patentleşdirildi
07.03.2025
«Programma üpjünçiliginiň ussatlygy» atly hakaton bäsleşigi geçiriler
01.03.2025
Türkmenistan kiberhowpsuzlyk boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär
27.02.2025
Electronic service for import of radio-electronic equipment launched in Turkmenistan
26.02.2025
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrar
24.02.2025
Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär
23.02.2025
Arkadag şäherine «5G» tehnologiýasy ornaşdyrylar
22.02.2025
Arkadag şäherinde «4G+» internet tehnologiýasy işe girizildi
01.02.2025
President of Turkmenistan approves digitalization of postal services through IPS system
10.01.2025
«Türkmentelekom» işewürlik we döwlet düzümleri üçin döwrebap hosting hyzmatlaryny hödürleýär
20.12.2024
Turkmenistan will host a Youth Robotic Technology Competition
19.12.2024
Arkadag şäherine täze halkara sylaglar gowşuryldy
19.12.2024
Türkmenistanda «akylly» şäher konsepsiýasy boýunça halkara maslahat geçirildi
19.12.2024
A youth robotics competition will be held in Turkmenistan