Türkmentelekom Bot

Aşgabadyň ýolagçylarynyň bilmeli zatlary: №18, №32 we №46 awtobus ugurlary 9-njy oktýabrdan üýtgär


04.10.2024

Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryndan Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgär:

• «Parahat - Howa menzili» №18 awtobus ugry N. Andalyp köçesinden Görogly köçesine tarap gönükdiriler.
• «Awtokombinat - Kardiologiýa merkezi» №32 awtobus ugry indi Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar.
• «Gurtly - Halkara nebit we gaz uniwersiteti» №46 awtobus ugry bolsa N. Andalyp köçesi bilen ýöräp, Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar.

Bu üýtgeşmeler şäheriň jemgyýetçilik ulag pudagyndaky ýola goýlan hyzmatlaryň netijeliligini we medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Täzelikler

2 3 4 5 ... 10

Kömek gerekmi?

Biziň hünärmenlerimiz hemişe sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap bermäge taýyn