Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

«Altyn asyr» mobil ulgamy müşderilerine täze internet paketini hödürledi

25.12.2019

«Altyn asyr» mobil aragatnaşyk ulgamy öz internet paketleriniň üstüni olaryň ýene biri bilen ýetirdi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi. 

«Internet ― 5» diýlip atlandyrylýan bu paket mobil interneti ozalkysyndan arzan ulanmaga mümkinçilik berýär. Bahasy 5 manat bolan paketde 100 megabaýt göwrümdäki internet bar.

Paketiň ulanyş wagty 30 gündür. Paketi «Şahsy otagyňyz» ýa-da *0850*5# USSD kody bilen satyn alyp bolýar.