Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“WhatsApp” -yň möhüm meselesi çözüler

28.08.2020

"WhatsApp" messengerinde möhüm mesele çözüler.

Enjamyň ýadyndaky ýüki azaltmak üçin ulanyjylar käbir ýa-da ähli faýllary yzygiderli pozmaly boldular, indi gereksiz materiallar ýatdan awtomatiki usulda ýok ediler.

Programma üpjünçiligi täzelenmäni ösen "multimediýa" funksiýasy bilen barlaýar.

Ýapyk synag tapgyrynda bolan programmanyň beta wersiýasynyň skrinshoty çykdy. Düşündirişe görä, ýakyn wagtda messengerde faýl dolandyryjysy gurlar we ulanyjylar hat alyşmak arkaly multimediýa mazmuny bilen baglanyşykly ýadyň mukdaryny dolandyryp bilerler. Mundan başga-da, çeşmä görä, programmada akylly ýady arassalamak algoritmi bolar.