Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanda 300-e golaý internet web-saýty döredildi

28.08.2020

Häzirki wagtda Türkmenistanda internet web-saýtlarynyň 294-si döredildi — diýip, 27-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Olaryň kibergoraglylygy «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan üpjün edilip, antiwirus programmalary işlenip taýýarlanyldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna bir bitewi tehniki talapnamalar esasynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda resminamanyň taslamasyny hödürledi. Munuň özi «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadyny döretmek meseleleri barada durup geçmek bilen, degişli ugurda geçirilýän işleriň depginini artdyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz häkimlikler hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bu işi aýratyn üns merkezinde saklamalydyr diýip, sözüni dowam edip, oba ýerlerinde hem internete elýeterliligi üpjün etmegi, degişli düzümi hem-de maglumatlaryň artýan möçberi babatda hyzmatlar ulgamyny taýýarlamak barada tabşyryk berdi.