Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Türkmenistanda organomineral dökün alyndy

13.10.2020

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilelikde «Oba hojalygynda ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşyny esaslandyrmak» atly temada ylmy-barlag işini geçirdi. Onuň netijesinde towuk dersi gaýtadan işlenip ekologiýa taýdan arassa organomineral döküni alyndy ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Şeýle-de, organomineral dökünleriň talabyna laýyklykda, towuk dersiniň düzüminde azot, fosfor, kaliý ýaly elementleriň hem-de umumy organiki maddanyň ýeterlik derejede saklanýandygy bilen baglanyşykly işlenilen guş dersiniň topragyň ähli görnüşi üçin ýaramlydygy, täsiriniň 3-4 ýyl saklanýandygy we hasylyň mukdaryny, hilini ýokarlandyrýandygy anyklanyldy.