Tehnologiýa dünýäsiniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “iPhone 12” seriýasyna degişli mobil enjamlary tanyşdyryljak wagty mälim edildi. “Apple” kompaniýasyny tarapyndan berlen beýanatda täze enjamlaryň 13-nji oktýabrda tanyşdyryljakdygy habar berildi. Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlajak dabaranyň çakylygynda “Salam, tizlik” şygary ýerleşdirilipdir. Kompaniýa täze enjamlarda güýçli mikroposessora hem-de 5G aýratynlygyna üns beripdir. Smartfonyň “Pro Max” modelinde 120 Hz tizlikli ekran, 5G hem-de LiDAR sensor ýaly tehniki aýratynlyklar bolar. 6,7 dýuýmlyk bu telefonyň ekranynyň has “akgynly” boljakdygy bellenilýär. Şeýle hem, smartfonlaryň daşynyň çarçuwaly boljakdygy, ýagny enjamyň ýüzüni tutuşlygyna ekranyň gaplamajakdygy mälim edildi. Amerikan brendi indiki ýyldan başlap, ýüzi dolulygyna ekran bolan smartfonlary çykarmagy maksat edinýär. Mobil enjamlarda 5 nanometrlik “A14 Bionic” mikroprosessoryň oturdylandygy bellenilýär. “iPhone” we beýleki “Apple” enjamlary bilen bagly habarlary gyzgyny bilen ýetirip durarys.
“iPhone 12”-niň tanyşdyryljak senesi mälim edildi
07.10.2020