Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“2021 Opel Crossland” tanyşdyryldy

08.10.2020

Täze ýylyň golaýlamagy bilen iri kompaniýalar indiki ýylda satuwa çykarjak ulaglaryny köpçülige tanyşdyrýarlar. Belli nemes brendi hem “Opel Crossland” modeliniň indiki ýyla niýetlenen nusgasy barada maglumat berdi.

Garamagynda birnäçe brendi bolan PSA toparyna degişli bolan “Opel” soňky ýyllarda täzeçil ulaglarynyň sanyny köpeldýär. Täze ulag müşderileriň isleglerini aňryýany bilen kanagatlandyrjak derejede dizaýn edilipdir. Ulagyň daşky dizaýnyna seredenimizde, öň tarapdaky gözenekli bölek hem-de çyralar düýpgöter üýtgedilipdir. Ulagyň köp ýerinde hrom bölekleriň bolmagy ulagyň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär. 16 we 17 dýuýmlyk tigirleri, LED çyralar we içki dizaýn ulagyň täzeçil enjamlaşdyrylyşyny görkezýär. Ýokary howpsuzlyk tehnologiýalary bilen üpjün edilen ulagyň içinde multimediýa ulgam hem-de 8 dýuýmlyk ekran göz öňünde tutulypdyr.