Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

Nobeliň ýeňijileri mälim edilýär

07.10.2020

Däp bolşy ýaly oktýabr aýynyň başynda halkara Nobel baýragyna mynasyp bolanlar mälim edilip başlandy. Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da we Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo­da No­bel hep­de­li­giniň öz işi­ne baş­la­magy bilen ilki Lukmançylyk, soňra Fizika ugrundan baýraga mynasyp bolanlar aýan edildi. Ilki bilen fiziologiýa ýa-da lukmançylyk ugry boýunça baýragyň eýeleri mälim edildi. Bu ugurdan amerikan alymlary Harwi Allery, Maýkl Hauton we britan wirusology Çarlz Raýs gepatit C-iň üstünde geçiren ylmy-barlaglary üçin mynasyp görüldi. Nobel komitetiniň wekili baýragyň eýeleriniň açyşlarynyň, gepatit keseliniň esasy sebäbini kesgitländigini hem-de millionlarça adamyň ömrüni halas etmäge sebäp bolan gan barlaglaryna we täze dermanlara döretmäge mümkinçilik berendigini mälim etdi.

Şeýle hem fizika baýragyna  Rojer Penrouze, Reýnhard Gýunsele we Andrea Geze mynasyp boldy. Pul baýragynyň ýarysy iňlis fizigi we matematigi Rojer Penrouze berlip, galan bölegini nemes astrofizigi Reýnhard Gýunsel bilen amerikan astronomy Andrea Geziň öz aralarynda paýlaşjakdygy mälim edildi. Internet arkaly metbugat üçin ýaýradylan beýanatda Nobel baýragynyň eýesi Rojer Penrouziň umumy otnositellik nazaryýetini derňemek üçin özboluşly matematiki usullary oýlap tapandygy bellenilýär. Rojer Penrouz gara deşikleriň emele gelmeginiň otnositellik nazaryýetiniň ygtybarly çaklamasy bolup durýanlygynyň üstüni açdy. Reýnhard Gensel we Andrea Gez hem Akmaýanyň ýolunyň merkezindäki ýyldyzlaryň orbitalary tarapyndan dolandyrylýan göze görünmeýän has uly jisimi tapdylar.

Beýleki ugurlardan gowşurylýan baýraklaryň ýeňijileri 12-nji oktýabra çenli yglan ediler. Şu ýyl dünýäde emele gelen ýagdaý şuwhunly ýagdaýda geçirilýän baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýatyrylmagyna sebäp boldy. Şol sebäpli, baýraklar dünýäniň dürli ýurtlaryndaky ýeňijilere Şwesiýanyň şol ýurtdaky ilçihanasynda ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde gowşurylar. Baýraklar adatdakysy ýaly 10-njy dekabrda ýeňijilere gowşurylar.