Baş sahypa breadcrumb arrow Habarlar

“IPhone XR” modeliniň ornuny tutjak smartfon yglan edildi

09.09.2020

“Apple” şereketi 2021-nji ýylda täze arzan bahaly smartfon hödürlär. Bu barada Twitterde habar berildi. Maglumata görä, 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde we 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde resmi “Apple” dükanynda bäş sany smartfon görkeziler. Bularyň arasynda “iPhone SE”, “XR”, “11” we täze “iPhone 12” we “12 Pro” bar. 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginden enjamlaryň diapazony üýtgär. Twitterde “XR” modeliniň önümçiliginiň togtadyljakdygy we satuwdan aýryljakdy, onuň ýerine “iPhone 12s” smartfonynyň boljakdygy barada aýdylýar.

Meşhur modeliň ornuny tutjak smartfon geljek ýylyň birinji çärýeginde hödürlener we köp sanly ulanyjy üçin döredilen ylalaşyk enjamy bolar. Adynda "s" harpy bolan enjamlar "iPhone 6s" we "6s Plus" 2015-nji ýyldan bäri “Apple” şereketi tarapyndan çykarylmady. Adatça, bu smartfonlar öňki nesilden düýpgöter tapawutlanmaýar, ýöne kämilleşen aýratynlyklara eýedir. Şeýle-de bolsa, Analitik Mark Gurman güýzde hödürlenjek “iPhone 12” seriýasynyň beýleki iki enjamyny sanamaýar. Ol sentýabryň başynda “Apple” şereketiniň öňki ikisiniň ýerine dört sany öňdebaryjy seriýaly smartfon hödürlejekdigini tassyklady.